Antraktidada "ýaşyl" otlaryň meýdany soňky 35 ýylda 10 esse artdy

  • düýn 23:40
  • 1.3k+
Antraktidada "ýaşyl" otlaryň meýdany  soňky 35 ýylda 10 esse artdy

Ekseter uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) barlagçylary soňky onýyllyklaryň dowamynda Antarktidada ösümlikleriň has çalt ösýändigini mälim etdiler, diýip Eurekalert habar berýär.

Hemra arkaly synlaýyş maglumatlarynyň seljermesi 1986-njy ýyldan bäri ösümlikleriň eýeleýän meýdanynyň 1 inedördül kilometrden 12 inedördül kilometre çenli köpelendigini görkezdi. Ýaşyl zolaklaryň aýratyn ösüşi (30%) 2016-njy ýylda hasaba alyndy.
Antarktidanyň umumy meýdanynyň 500 müň inedördül kilometre barabardygyna garamazdan, alymlar “ýaşyl” zolaklaryň köpelmegi barada alada edýärler. Hünärmenler muny, planetanyň beýleki ýerlerine garanyňda, global ýylamanyň bu ýere has köp täsir edýänligi bilen baglanyşdyrýarlar.
Alymlar keseki ösümlik görnüşleriniň Antarktidanyň täsin ekosistemasyna aralaşmagy we oňa ep-esli zyýan ýetirip biljekdigi barada alada edýärler.


27.09.2024 15:03
17k+

Ummanlar howp astynda: Adamzat ýedinji planeta serhedine ýakynlaşýar

Howa ýetýän täsirleri öwrenmek boýunça Postdam institutynyň (PIK) täze hasabatyna görä, adamzat Ýeriň antropogen täsirlere çydap bilmek ukybyny kesgitleýän dokuz planeta serhediniň eýýäm howanyň üýtgemegi, biogeohimiýanyň...

25.09.2024 14:26
9.9k+

Ýere ýakynlaşyp gelýän C/2023 A3 kometasyny adaty göz bilen hem görmek mümkin bolar

27-nji sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda Demirgazyk ýarym şaryň ýaşaýjylary C/2023 A3 (Tsuchinshan-ATLAS) kometasyny ýaraglanmadyk göz bilen synlap bilerler. Live Science portalynyň berýän maglumatyna görä,...

24.09.2024 12:35
5.9k+

Ýuwaş ummanynyň suwüsti temperaturasy 600 ýyllyk rekordy täzeledi. Bu merjenleriň üsti bilen anyklandy

Meksikanyň Milli awtonom uniwersitetiniň we Angliýanyň Lester uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary tarapyndan geçirilen bu barlag soňky 600 ýylda Ýuwaş ummanynda suwüsti temperaturanyň ýokarlanandygyny...

17.09.2024 10:36
5.5k+

Alymlar 2017-nji ýyldan bäri iň güýçli Gün partlamalarynyň birini hasaba aldylar

14-nji sentýabrda Günde 25-nji işjeňlik döwrüniň iň güýçli partlamalarynyň biri bolup geçdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we RYA SB-niň Gün-ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna...