Ýere ýakynlaşyp gelýän C/2023 A3 kometasyny adaty göz bilen hem görmek mümkin bolar

  • 25.09.2024 14:26
  • 10k+

27-nji sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda Demirgazyk ýarym şaryň ýaşaýjylary C/2023 A3 (Tsuchinshan-ATLAS) kometasyny ýaraglanmadyk göz bilen synlap bilerler. Live Science portalynyň berýän maglumatyna görä, kometa gündogarda birnäçe günläp, Gün dogmazyndan ýarym sagat öň çaglary görner.

Kometa iň ýokary ýagtylygyna 27-nji sentýabrda, öz orbitasynyň Güne iň ýakyn nokadyndan -  perigeliýden geçende ýeter. Gözegçilik etmek üçin iň amatly günler 29-njy we 30-njy sentýabr, şonda kometa batyp barýan Aýyň inçe orak şekili goşular.
Ýaraglanmadyk göz bilen synlamak mümkin bolsa-da, astronomlar has aýdyň görmek üçin dürbi ýa-da teleskop ulanyp synlamagy maslahat berýärler. Kometanyň ýagtylygynyň nähili boljakdygyny öňünden aýtmak kyn, ýöne gijeki asmanda iň aýdyň görünýän 20 ýyldyz ýaly parlak bolmagy ähtimal.
30-njy sentýabrdan soň kometa demirgazyk giňişliklerinde görünmez, ýöne ekwatora golaý ýerde ýaşaýan adamlar ony 2-nji oktýabra çenli synlap bilerler. Şondan soň kometa Gün şöhleleriniň içinde ýitip gider.
C/2023 A3 kometasy ilkinji gezek 2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda hytaýly astronomlar tarapyndan tapyldy. NASA 22-nji fewralda ATLAS ulgamyny ulanyp onuň açylandygyny tassyklady. Şeýle-de bolsa, bilermenler Günüň güýçli agyrlyk güýji sebäpli perigeliýadan geçende kometanyň ýok bolup biljekdigini duýdurýarlar, geçmişde beýleki kometalar hem şeýle bolupdy.


düýn 23:48
563

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

11.05.2026 11:37
4.8k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.1k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...