Aleks Pereýra UFC-niň çempion guşagyny gorady

  • 06.10.2024 16:58
  • 19k+

5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilen gije Solt-Leýk-Sitide (ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 307 ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakasy ýarym agyr agram derejesinde UFC-niň çempiony braziliýaly Aleks Pereýra bilen amerikaly dalaşgär Halil Rauntriniň arasyndaky söweş boldy.

Söweş dördünji raundda Aleks Pereýranyň nokaut arkaly möhletinden ir ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Söweşiň ikinji bölegi braziliýalynyň agalyk etmeginde geçdi, ol yzly-yzyna garşydaşynyň bedenine we ýüzüne urgy urdy. Netijede, Rauntri ýere ýykyldy we emin söweşi saklamaga mejbur boldy.
Indi Pereýranyň hasabynda MMA-da 12 ýeňiş we iki ýeňliş bar. Rauntriniň hasabynda 12 ýeňiş we alty ýeňliş bar. Pereýra üçünji goragyny geçirdi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......