Talyp beýikligi 5,4 metr şlýapa ýasap, rekord goýdy. Ony döretmek üçin 4 ýyl gerek boldy

  • 30.09.2024 14:29
  • 15k+

ABŞ-ly talyp Joşua Kaýser dünýäde iň beýik şlýapany ýasamak bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň döreden başgabynyň beýikligi 5,4 metre, agramy 12 kilograma ýetdi.

Şeýle şlýapany döretmek pikiri Joşuanyň kellesine pandemiýa döwründe, aglaba talyplaryňky ýaly, sapaklary uzak aralykdan okamaklyga geçirilip, öýde bolýan wagty köpelende geldi. Wagtyny geçirmek üçin Joşua Ginnesiň rekordlar kitabynda rekord goýan adamlaryň üstünliklerini gözden geçirip başlady.

“Dünýäde iň beýik şlýapany kellesine geýip oturan adamyň suratynda gözüm eglendi. Bu ene-atamyň öýünde "gabalyp" otyrkam, wagt geçirmek we özümi iş bilen güýmemek üçin ajaýyp usul bolar diýip pikir etdim "- diýip, rekord eýesi gürrüň berdi.

Talybyň gören şlýapasynyň beýikligi 4,8 metrdi. Ony döreden Odilon Ozar 2018-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdir.
Joşua onuň gazanan üstünliginden öňe geçmegi ýüregine düwdi, ýöne uzyn şlýapany ýasamak aňsat hem däl eken. Karton we agaç ulanyp eden ilkinji synanyşyklary şowsuz boldy. Oňa berk bir zat gerekdi, ýöne o diýen agyr hem bolmaly däldi. Joşua şlýapa döretmek üçin, gurluşyk materiallary dükanyna aýlanyp, çözgüt - üç metr uzynlykdaky alýumin ternawy tapýança dört ýyl gerek boldy.
Joşua ternawlary biri-birine birikdirip berkitdi we şlýapa esas edip üýtgedip bejerilen, zibil gabyny ulandy. Şlýapanyň bir gapdala agyp gitmezligi üçin talyp ony kebşirleýji köpük bilen berkitdi we başgap şlýapa şekiline geler ýaly, ýüzüne mata çekdi.
Rekord goýmak üçin şlýapany geýip, azyndan 10 metr ýöräp geçmelidi. Talyp özüniň birgeňsi başgabyny kellesine geýdirip, ellerini aýyrdy we seýilgähde ýuwaşjadan gezim edip başlady.


şu gün 00:57
555

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....