Ýuwaş ummanynyň suwüsti temperaturasy 600 ýyllyk rekordy täzeledi. Bu merjenleriň üsti bilen anyklandy

  • 24.09.2024 12:35
  • 6.5k+

Meksikanyň Milli awtonom uniwersitetiniň we Angliýanyň Lester uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary tarapyndan geçirilen bu barlag soňky 600 ýylda Ýuwaş ummanynda suwüsti temperaturanyň ýokarlanandygyny anyklady. Maglumatlar Fijidäki Diploastrea heliopora merjenleriniň ullakan koloniýasynyň himiki düzümini seljermek arkaly alyndy.

Ýylda bary-ýogy 3-6 millimetr ösýän merjenler düzümindäki howanyň üýtgeýşini hasaba alýar we tropiki sebitlerde geçmişde howanyň üýtgeýiş ýagdaýynyň  gymmatly arhiwi bolup durýar. Barlagçylar merjen koloniýasyndan 627 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda suwuň temperaturasyny öwrenmäge mümkinçilik berýän iki metrlik kern ýygnadylar. Maglumatlaryň üsti  26 ýyllyk gural ölçegleriniň netijeleri bilen ýetirildi.
Barlagyň netijeleri Fiji arhipelagy sebitinde deňziň häzirki suwüsti temperaturasynyň soňky 653 ýylda iň ýokarydygyny görkezdi. Bu ählumumy  maýlamaklygyň tendensiýasyny we onuň Ýuwaş ummanyna täsirini tassyklaýar.
Ýuwaş ummanyň suwunyň temperaturasynyň ýokarlanmagy Ýuwaş ummanyň adalaryna ýaramaz täsir edýär we olaryň barlygyna howp salýar. Mundan başga-da, Ýuwaş ummanyň günorta-günbatary El Ninýo görnüşindäki hadysalara täsir edip, global howanyň emele gelmeginde möhüm rol oýnaýar.
Şeýle hem barlag soňky ýüzýyllyklarda ygalyň paýlanyşyna täsir edýän temperatura gradiýentleriniň ýüze çykmagyna getiren, adatça temperaturasy bilen  tapawutlanýan sebitlerde ýylylygyň sinhronlaşýandygyny anyklady.
Alymlar howanyň üýtgemegine garşy çäre görülmese, XXI asyrda Ýuwaş ummanyň käbir sebitlerinde guraklygyň we güýçli çabgalaryň boljakdygyny çaklaýarlar. Bu Ýuwaş umman adalarynyň ilaty we olaryň ýitip ýok bolmak howpy abanýan ekoulgamlary üçin juda ýaramaz netijelere getirer.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......