Ummanlar howp astynda: Adamzat ýedinji planeta serhedine ýakynlaşýar

  • 27.09.2024 15:03
  • 19k+

Howa ýetýän täsirleri öwrenmek boýunça Postdam institutynyň (PIK) täze hasabatyna görä, adamzat Ýeriň antropogen täsirlere çydap bilmek ukybyny kesgitleýän dokuz planeta serhediniň eýýäm howanyň üýtgemegi, biogeohimiýanyň üýtgemegi ýaly alty serhedini bozdy. Indi alymlar ýedinji serhede – ummanyň turşamagyna ýakynlaşylýandygyny duýdurýarlar diýip, The Guardian ýazýar.

Hasabatda, aýratynam, ýokary giňişlikdäki sebitlerde ummanyň turşamagynyň howply nokada golaýlaýandygy nygtalýar.
PIK alymlary bu prosesiň deňiz ekoulgamlaryna çynlakaý howp salýandygyny, sebäbi iýmit zynjyrynyň bozulmagyna we planetanyň klimatyny kadalaşdyrmak üçin möhüm bolan ummanyň uglerod siňdirmek ukybynyň peselmegine getirip biljekdigini bellediler.
Planeta serhetleriniň kesgitlenişi barada giňişleýin maglumaty şu salgy boýunça okap bilersiňiz.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......