Anjelina Joliniň 1958-nji ýylda çykan “Ferrarisi” auksionda satylar

  • 06.10.2024 11:25
  • 17k+

Meşhur aktrisa Anjelina Joliniň 1958-nji ýylda çykan Ferrari 250 GT kupesi Christie’s auksionyna çykarylar. Awtomobil 20-nji noýabrda Parižde “The Exceptional Sale” auksionynyň lotlarynyň biri bolar diýip, nachedeucom portaly habar berýär. 

Hünärmenleriň hasaby boýunça, onuň bahasy 660-880 müň dollar aralygynda üýtgär.
Pininfarina kuzowyny alan Ferrari 250 GT Pariž awtosalonynda hödürlendi we ol seýrek nusga hasaplanylýar. Bu modelden jemi 353 birlik çykaryldy – satuwa çykan Ferrari bolsa hasap boýunça 11-njidir. Awtomobil 240 at güýjüni berýän 3 litrlik Colombo V12 hereketlendirijisi we 5 basgançakly mehaniki transmissiýa bilen üpjün edildi.
Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, awtomobil öz asyl hereketlendirijisini saklap galdy, ýöne 1978-nji ýylda reňkini üýtgeden bolmagy “mümkin”. Üýtgeşmeler interýere-de täsir etdi – ilkibaşdaky gara salon gyzyl bilen çalşyryldy. Odometr 64 224 milýany görkezýär, ýöne menzil baradaky maglumatlar tassyklanmady.
Christie’s aktrisanyň bu awtomobile näçe wagtlap eýeçilik edendigi we ony ulanandygy ýa-da ýokdugy barada maglumat bermeýär.


şu gün 14:49
506

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
437

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......