Porsche Taycan Turbo GT tizligini 100 km/sag çenli artdyrmak boýunça markanyň iň tiz awtomobili boldy

  • 09.10.2024 18:48
  • 4.3k+

Porsche Taycan Turbo GT tizligini sagatda 100 km çenli artdyrmak boýunça markanyň iň tiz awtomobili boldy. Car and Driver neşiri tarapyndan geçirilen synaglarda elektromobil 2 sekuntdan az wagtyň içinde 100 km/sag tizligine ýetip bildi. Tizligi güýçlendirmegiň ortaça görkezijisi 1,9 sekunt bolup, bu Taycan Turbo GT-ni Porsche-niň iň dinamiki ýol awtomobiline öwürdi.

Öň, dinamika boýunça lider 2014-nji ýylda geçirilen şeýle synaglarda tizligini 2,1 sekuntda 100 km/sag çenli artdyran 918 Spyder modelidi.
Taycan Turbo GT iki ugurda synagdan geçirildi, olaryň birinde netije 1,898 sekunt, beýlekisinde 1,910 sekunt boldy. Şol bir wagtyň özünde, awtomobil ony 75 kg ýeňil edip, tizligi artdyrmagyň wagtyny has hem gowulaşdyryp bilýän Weissach bukjasy bilen hem üpjün edilmedi.
Taycan Turbo GT 2024-nji ýylyň mart aýynda hödürlendi, awtoulag 1033 at güýjüni berýän 760 kWt kuwwatly güýç gurluşy bilen üpjün edildi. Şu ýyl awtomobil “Nýurburgring” ýolunda hem rekord goýup, 7 minut 7,55 sekunt netije bilen iň tiz dört gapyly ýol awtomobili boldy.
Ýol awtomobilleriniň arasynda tizligi 100 km/sag çenli artdyrmak boýunça rekord munuň üçin 1,76 sekunt sarp edýän Rimac Nevera giperkaryna degişli.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......