Saudi Aramco noýabr aýynda Aziýa üçin nebitiň bahasyny ýokarlandyrar

  • 09.10.2024 13:51
  • 9.6k+

Er-Riýad güýzüň soňky aýynda Aziýa üçin öz çig malynyň bahasyny ýokarlandyrmak, ýöne beýleki sebitlerdäki müşderiler üçin peseltmek kararyna geldi diýip, Saudi Aramco habar berýär.

Aziýada Arab Light nebitiniň bahasy barreline 0,9 dollar gymmatlar. Şeýlelikde, ol Oman-Dubaý sebedinden 2,2 dollar gymmat satylar – bu şu ýylyň iýul aýyndan bäri iň ýokary derejedir. Arab Extra Light we Arab Medium hem oktýabr aýy bilen deňeşdirilende, barreline 0,9 dollar gymmatlar, Arab Heavy üçin bolsa baha barreline 0,7 dollar ýokarlanar.
ABŞ-da Arab Light flagman görnüşi oktýabr bahalary bilen deňeşdirilende, 0,1 dollar, agyr görnüşler barreline 0,2 dollar arzanlar.
Demirgazyk-Günbatar we Ortaýer deňzindäki alyjylar üçin nebitiň bahasy ähli görnüşler üçin barreline 0,9 dollar pese düşer.


düýn 11:54
3.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.3k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......