Aktýor Kianu Riwz ilkinji gezek professional derejede awtoulag ýaryşyna gatnaşdy

  • 09.10.2024 13:46
  • 6k+

Ýakynda 60 ýaşyny dolduran “Matrisanyň” we “Jon Uigiň” ýyldyzy Kianu Riwz Indianapolis Motor Speedway awtodromynda awtosöýüjiler we ýaňy başlaýjylar üçin Toyota GR Cup ýaryşyna gatnaşdy.

Riwz şenbe güni geçirilen ýaryşda 33 gatnaşyjynyň arasynda 25-nji orny, ýekşenbe günündäki ýaryşda bolsa 24-nji orny eýeledi. Şenbe güni Riwziň awtomobili 45 minutlyk ýaryşyň ýarysynda ýoldan çykdy. Awtomobile zeper ýetmedi, şonuň üçin aktýor ýaryşy dowam etdirdi. Bu Riwziň professional derejede ilkinji ýaryşy boldy.
Riwz 92 BRZRKR belgili ulagda çykyş etdi, bu onuň Çaýna Mýewil bilen awtordaşlykda ýazan The Book of Elsewhere grafiki romanyna salgylanmadyr. Roman iýul aýynda çykdy we Riwziň BRZRKR komiksler seriýasynyň bir bölegi boldy. Olardan ilkinjisi 2021-nji ýylda çykypdy.
2009-njy ýylda Riwz meşhur şahsyýetleriň Long Beach Toyota Grand Prix ýaryşyna gatnaşdy we ýeňiş gazandy.
Belläp geçsek, Riwziň geljekki premýeralarynyň arasynda şular bar: “Sonik 3 kinoda” (20-nji dekabr), bu ýerde ol kirpi Şedouwa ses berdi, we Ana de Armas bilen “Jon Uik: Balerina” (2025-nji ýylyň iýun aýy).


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......