Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara foruma gatnaşyjylary gutlady

  • 09.10.2024 11:22
  • 5.5k+

Şu gün Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlaýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan uly üstünlikler barada belläp geçýär.

"Täze-täze lukmançylyk edaralary işe girizildi. Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek işlerine badalga berildi. Onuň önümleri bilen Diýarymyzyň lukmançylyk edaralarynyň zerurlyklary üpjün ediler. Bu önümler döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini hem artdyrar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da Aşgabat şäherinde täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy guruldy. Häzirki wagtda gurluşygy dowam etdirilýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Halkara stomatologiýa merkezleriniň hem geljekde halkymyzyň saglygyny dikeltmekde uly orny eýelejekdigine ynanýaryn" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda hem durup geçdi. Gaznanyň adyndan ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralaryna zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary, Germaniýada öndürilen emeli böwrek enjamlary sowgat berildi.
Döwlet Baştutany bilim ulgamynyň hem dünýä ülňülerine görä yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtap geçýär.

"Ýurdumyzda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalary esasynda bu ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrýarys. Bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açmak maksady bilen, ylmyň iň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny ulgama giňden ornaşdyrýarys. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bilimiň mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Döwrebap şertler, giň mümkinçilikler ýaşlaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam berýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy tassyklanyldy" - diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......