Aşgabatda GDA-nyň zähmet we iş üpjünçilik boýunça 37-nji mejlisi geçiriler

  • 08.10.2024 14:01
  • 6.2k+

17–18-nji oktýabrda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş Geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi habar berýär.

Aşgabatda geçiriljek mejlisiň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, GDA-nyň ykdysady ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça gepleşikler geçiriler. Degişli resminamalara gol çekiler.
Belläp geçsek, Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, migrasiýa we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň agzasy bolup durýar.


şu gün 13:44
402

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......