ABŞ-da türkmen diasporasy bilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütleri maslahatlaşyldy

  • 08.10.2024 10:19
  • 6.6k+

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasynda türkmen diasporasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlandy.

Duşuşygyň barşynda 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerde beýan edilen ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilim ulgamynda özgertmeleri dowam etdirmegiň we ýokary okuw mekdeplerini halkara standartlaryna laýyklykda akkreditirlemek işlerini kämilleşdirilmegiň zerurdygyny we meseleleriň ABŞ-nyň bilim ulgamyň wekilleri bilen ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.
Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meredow çykyşynda Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen maksatnamalaýyn resminamalaryň raýatlaryň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmaga, infrastrukturany berkitmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.
Diasporanyň wekilleri Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleriň Türkmenistanyň mundan beýläkde ösüşine we durnuklylygyna möhüm täsir edýändigi aýratyn bellediler.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......