NASA 460 million km uzaklykdaky Psyche zondyna maglumatlary geçirmek bilen lazer aragatnaşygynda rekord goýdy

  • 07.10.2024 13:20
  • 5.6k+

NASA-nyň täze Deep Space Optical Communications (DSOC) tehnologiýasy 460 million kilometr uzaklykda ýerleşýän Psyche kosmos gämisine signal iberip, lazer aragatnaşygynyň täze rekordyny goýdy. Bu synag uzak kosmosda aragatnaşygy gowulandyrmaga gönükdirilen taslamanyň bir bölegidir diýip, Phys.org habar berýär.

29-njy iýulda agzalan sepgide ýeten tehnologiýa işiniň birinji tapgyryny tamamlady.
Maglumat geçirmek radio ýygylyk ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden ep-esli ýokary tizlikde geçirildi. DSOC lazerleri, geljekdäki Mars missiýalary üçin aýratyn möhüm boljak radio ýygylyk aragatnaşygyndan 100 esse çalt tizlikde maglumat geçirmäge ukyplydyr.

“Bu şanly waka. Lazer aragatnaşygy gaty ýokary derejedäki takyklygy talap edýär we Psyche-ni işe girizmezden ozal, iň uzak aralyklarda öndürijiligiň näderejede peseljekdigini bilmeýärdik. Indi yzarlamak we görkezmek üçin ulanýan usullarymyz barlandy, optiki aragatnaşyklaryň Gün ulgamyny öwrenmekde ygtybarly we özgerdiji usul bolup biljekdigi tassyklandy "- diýip, NASA-nyň Günorta Kaliforniýadaky Reaktiw hereket laboratoriýasynda taslamanyň ýolbaşçysy Mira Şriniwasan belledi.

Ulgam San-Diýego okrugynda ýerleşýän Kalteha Palomar obserwatoriýasyndaky Heýla teleskopy we Raýtwudyň golaýyndaky JPL-iň Mesa desgasyndaky optiki aragatnaşyk laboratoriýasy (ikisi hem Kaliforniýada) ýaly ýer stansiýalaryny maglumatlary almak we geçirmek üçin ulanýar. Öňümizdäki aýlarda NASA planetalararasy missiýalar üçin has ygtybarly aragatnaşygy wada berýän tehnologiýany synagdan geçirmegi we kämilleşdirmegi dowam etdirer.
Psyche kosmiki gämisi 2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda uçuryldy we häzirki wagtda tizlenmek üçin ion hereketini ulanyp,  Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky esasy asteroid guşaklygynda demre baý asteroide tarap hereketini dowam edýär.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....