Türkmenistanyň we Argentinanyň diplomatlary syýasy geňeşmeleri geçirdiler

  • 07.10.2024 12:17
  • 3k+

3-nji oktýabrda Türkmenistan bilen Argentinanyň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen bu geňeşmeler hasap boýunça üçünji boldy.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we söwda, ykdysadyýet, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar BMG ýaly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar we özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öwrenmek üçin açyk gepleşikleri geçirmäge meýillidiklerini mälim etdiler.
Şeýle-de geňeşmeleriň dowamynda taraplar medeni alyşmalar meselelerini, şol sanda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bilelikdäki çäreleri we maksatnamalary guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy indiki syýasy geňeşmeleri geçirmegi, şeýle hem 2025-nji ýylda Aşgabatda Türkmen-argentin işewürlik forumyny guramagy teklip etdi. Şol bir wagtyň özünde iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek teklip edildi.
Ýokarda beýan edilen teklipler argentin tarapynyň oňyn seslenmesine eýe boldy.


şu gün 19:20
386

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......