Samsung-yň täzelenmesi dünýä boýunça Galaxy S10 we Note 10 smartfonlaryny doňdurdy

  • 07.10.2024 11:52
  • 9.7k+

Samsung-yň SmartThings programmasynyň täzelenmesi Günorta Koreýa kompaniýasynyň smartfonlarynyň käbir modellerinde uly bökdençlikleriň döremegine sebäp boldy. TechSpot-yň habar bermegine görä, enjamlaryň tükeniksiz täzeden ýüklenmegi (perezagruzka) görnüşinde ýüze çykýan bu mesele barada dünýäde müňlerçe ulanyjy habar berdi.

Bu mesele Galaxy S10, Galaxy S10e, Galaxy S10 +, Galaxy S10 5G, Galaxy Note10, Galaxy Note10 +, Galaxy Note10 + 5G, Galaxy M51 we Galaxy A90 ýaly smartfonlara degişlidir. Mesele diňe Android 12 esasly smartfonlara täsir etdi. Android 13 we has täze wersiýalary ulanýanlar üçin beýle howp ýok.
Bökdençlikler beýleki Samsung enjamlaryny dolandyrmak üçin zerur täzelenmeden soň ýüze çykdy.
Meseleler ABŞ, Günorta Koreýa, Singapur, Awstraliýa we Fransiýa ýaly ýurtlarda hasaba alyndy. Meseläni çözmek üçin edilen synanyşyklary şowsuz boldy. Bu usul ähli ulanyjylarynyň maglumatlarynyň ýitmegine sebäp bolar, bu bolsa suratlaryny we wideolaryny ýitirjek ulanyjylary alada goýýar.
Samsung-yň bu meseläni boýun alandygy, oňaýsyzlyk üçin ötünç sorandygy we bu meseläni çözmekde kömek üçin kompaniýanyň iň golaýda ýerleşen hyzmat merkezine ýüz tutmagy maslahat berendigi habar berildi.
Kompaniýanyň düzedilen täzelenmäni çykarandygy bellendi, ýöne onuň enjamlary ýükläp bilmeýän ulanyjylara haýry degmedi.


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...