Pink Floyd topary aýdymlaryna bolan hukuklaryny Sony Music-e 400 million dollara satdy

  • 06.10.2024 14:33
  • 2.8k+

Geçen asyrda dörän meşhur Pink Floýd topary aýdym-sazyna bolan hukuklaryny Sony Music kompaniýasyna 400 million dollara satdy. Bu şertnama toparyň ähli ýazgylaryna hukuklaryň berilmegini, şeýle hem toparyň adyny we keşbini ulanmak mümkinçiligini öz içine alýar diýip,  Financial Times habar berýär.

Pink Floýd-yň albomlaryna bolan hukuklar öň Pink Floyd (1987) Limited we Pink Floyd Music Limited-e degişli bolup, geçen ýyl 50 million dollar girdeji getirdi.
Bu şertnama toparyň döredijilik mirasyna gözegçiligiň iri ses ýazyjy  kompaniýanyň gözegçiligine gutarnykly geçirilendigini görkezýär.

Ondan öň Sony Music XX asyryň başga bir meşhur toparynyň – Queen-niň aýdym-sazyna hukuk gazanypdy. Şol geleşigiň bahasy 1 milliard dollar bolupdy.


11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
1.9k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....