Täzelenen Nissan Magnite krossoweri 65 ýurtda satylar: bahasy 7 müň dollardan başlaýar

  • 06.10.2024 11:38
  • 8.1k+

Hindistanda öndürilen Nissan Magnite subkompakt krossoweri bazarda üç ýyl hereket edenden soň, restaýling edildi (durky täzelendi). Çennai zawody modeliň ruly çep tarapdaky görnüşini hem öndürip başlar. Bu bolsa ulagyň satuw geografiýasyny 18-den 65 ýurda çenli giňelder diýip, Carscoops habar berýär.

Awtoulag has giň radiator gözenegini we täzeden işlenen bamper aldy. Gündiz işleýän yşyklar we çyralar täzelendi, täze reňkli korpus we 16 dýuýmlyk garyndy tekerler goşuldy.
Krossoweriň ýerden beýikligi 205 mm we Renault Triber we Kiger modellerinde hem ulanylýan CMF-A+ platformasynda gurulýar. Kapotyň aşagynda 72 at güýji bolan benzinli (atmosfera) we 101 at güýji bolan (turbo) görnüşli hereketlendirijiler bar. Esasyda ikisi hem 5 tizlikli el bilen geçiriş bilen birleşdirilýär, birinjisi üçin opsiýa hökmünde ýönekeý “robot”, ikinjisi üçin bolsa X-Tronic CVT elýeterdir.
Magnite-niň standart enjamlaşdyrylyşynda 7 dýuým displeýli sanly dolandyryş paneli, 8 dýuým ekranly media ulgamy hem-de Android Auto we Apple CarPlay simsiz interfeýsleri, howa-gözegçiligi, ýagtylyk datçigi we awtomatik garalýan aýna hödürlenýär. Eýýäm 6-nyň bazasyna howa ýassygy, ESP we üç nokatly howpsuzlyk kemeri girýär.
Täzelenen krossoweriň bahasy 7,130 dollardan 13,685 dollara çenli üýtgeýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....