Microsoft draýwerler we oýunlar bilen bagly kynçylyklar sebäpli Windows 11 24H2-niň täzelenmelerini çäklendirýär

  • 05.10.2024 11:52
  • 2.3k+

Intel prosessorlaryna esaslanýan käbir ulgamlar üçin Windows 11 24H2 täzelenme wersiýasyny, ses draýwerleri we oýunlar bilen baglanyşykly ýüze çykarylan meseleler sebäpli, gurnamagy çäklendirdi diýip, Bleeping Computer -e salgylanýan 3Dnews habar berýär.

Esasy mesele ulgamyň çökmegine we “ekranda bökdençlik habarynyň” çykmagyna sebäp bolýan Intel Smart Sound Technology (SST) bilen ylalaşmazlykdy. Bu 11-nji nesil Intel Core prosessorlary hem-de 10.29.0.5152 we 10.30.0.5152 wersiýalary bolan Intel SST draýwerleri bolan enjamlara degişlidir. Kompaniýa şeýle ulgamlarda täzelenmäniň gurulmazlygy üçin ýörite howpsuzlyk kesgitleýjisini goşdy.
Microsoft mesele çözülýänçä täzelenmäni Media Creation Tool ýa-da Windows Installation Assistant arkaly gurmazlygy maslahat berýär. Ulanyjylar “Windows-yň täzelenme merkezi" arkaly draýwerleri täze wersiýalaryna täzeläp, meseläni çözüp bilerler.
Mundan başga-da, Windows 11 24H2 gurlandan soň, käbir ulanyjylar Asphalt 8: Airborne ýaly oýunlar, şeýle hem Easy Anti-Cheat programmasyna laýyk gelmezlik bilen baglanyşykly kynçylyklary başdan geçirýärler. Bu hem ulgamda ýalňyşlyklaryň we näsazlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Microsoft bu meseleleri çözmegiň üstünde işleýär we olar çözülýänçä täzelenmeden  saklamagy maslahat berýär.

“Eger Media Creation Tool-yň üsti bilen Windows 11-iň 24H2 wersiýasyny gurnamaga synanyşsaňyz we enjamyňyzda gabat gelmeýän draýwerler bar bolsa, enjamyňyzyň Windows-yň bu täze wersiýasyny gurmaga taýyn däldigini görkezýän açylan habar alarsyňyz” – diýip, kompaniýa mälim etdi.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...