FIFA Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin goşmaça transfer penjiresini açar

  • 05.10.2024 11:57
  • 5.3k+

FIFA-nyň geňeşi 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda transfer düzgünlerine wagtlaýyn üýtgeşmeleri girizmäge taýýar. Bu çäreler futbolçylara şertnamalary tamamlanmazdan öň kluby üýtgetmäge mümkinçilik berer diýlip, FIFA-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Toparlary ýaryşa gatnaşjak FIFA-nyň agza assosiasiýalary 2025-nji ýylyň 1 – 10-njy iýuny aralygynda goşmaça transfer penjiresini açyp bilerler. Bu şertnamasynyň möhleti 30-njy iýunda tamamlanýan oýunçylara başga kluba kesgitlenen möhletden ir geçmäge mümkinçilik berer.
Oýunçylar bilen şertnamalary ýaryşyň ortasynda tamamlanýan klublar üçin täze futbolçylary alyp bilmek mümkinçiligi göz öňünde tutuldy. Bu, kesgitlenen çägi berjaý etmek şerti bilen, 27-nji iýundan 3-nji iýul aralygynda mümkin bolar.
Klublaýyn dünýä çempionaty 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriler. Ýaryşa ilkinji gezek alty konfederasiýadan 32 topar gatnaşar, olaryň arasynda öňdebaryjy klublar hem bolar.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......