Škoda we RNV Germaniýada dünýäde iň uzyn tramwaýy işe girizdiler

  • 05.10.2024 11:55
  • 7.5k+

Rhein-Neckar-Verkehr (RNV) ulag bileleşigi we Çehiýanyň Škoda Group öndürijisi dünýäde iň uzyn tramwaýy hödürlediler. Ilkinji nusga Germaniýanyň Mangeým şäherinde işe girizildi diýip, Radio Prague Int habar berýär.

Tramwaýyň uzynlygy 60 metr bolup, her biri 6 metr bolan on wagondan ybarat. Ol 368 ýolagça niýetlenýär. Tramwaýyň iň ýokary tizligi sagatda 80 km ýetýär, bu bolsa häzirkilerden 20 km tizdir.
Onuň içinde kondisioner, gatnaw maglumatlaryny berýän ekran, hereketi çäkli ýolagçylar üçin enjamlar ýaly häzirkizaman amatlyklar göz öňünde tutulan.
Bu tramwaý diňe bir Mangeým boýunça däl, eýsem Reýn-Nekkar sebitindäki ilatly nokatlary-da birleşdirip, şäher etegindäki ugurlar boýunça-da gatnar. Bu şäher etegindäki ýaşaýjylaryň şäher merkezlerine çalt we rahat barmagyny üpjün eder.
RNV bilen Škoda-nyň arasyndaky şertnama görä, 2026-njy ýyla çenli 114 wagon ýola goýlar. Şolardan 80 sanysynyň 265 mln ýewro düşjekdigi mälim. Täze tramwaý 1960 – 2000-nji ýyllarda öndürilen köne tramwaýlaryň ornuny çalşar.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......