Microsoft täze funksiýalar bilen Windows we macOS üçin Office 2024-i çykardy

  • 04.10.2024 22:38
  • 2.2k+

Microsoft kompaniýasy Windows we macOS kompýuterleri üçin Office 2024-i çykardy. Bu Microsoft 365-e ýazylmagy talap etmeýän özbaşdak wersiýa bolup, programmalary yzygiderli funksiýa täzelenmesi bolmazdan ulanmaga mümkinçilik berýär diýlip, kompaniýanyň blogunda habar berilýär.

Täze bukja Windows 10, 11 we macOS-yň soňky üç wersiýasy üçin elýeterli bolan Word, Excel, PowerPoint, OneNote we Outlook programmalarynyň täzelenen wersiýalaryny öz içine alýar.
Office 2024-de birnäçe täze mümkinçilikler hödürlenýär. Mysal üçin, Excel-de birnäçe açyk faýllar bilen işlenende öndürijilik ýokarlandyryldy. PowerPoint-de indi kameradan göni ýaýlymlary goşmak we kadr aňyrsyndaky tekstleri ýazmak funksiýasy peýda boldy. Word we PowerPoint bilelikde işlenende teswir laýklaryny we garaýyşlaryny goldaýar. OneNote-da doly ekran režimi bilen tekstleriň elde girizilmegi has gowulaşdyryldy. Outlook bolsa Magic Trackpad we Magic Mouse üçin täzelenen hereketlere eýe boldy.
The Verge-iň ýazmagyna görä, Microsoft-a Office ulanyjylaryna resminamalarda, slaýd-şouwlarda, iş kitaplarynda we elektron hatlarda elýeterlilik bilen bagly bolup biljek meseleleri tapmaga kömek etmek üçin kämilleşdirmeler goşuldy. Word-da, Excel-de we PowerPoint-de indi ykjam Android gurluşlaryndan suratlary aňsatlyk bilen goýup bolýar, Microsoft bolsa birnäçe täzelikleri öz içine alan OpenDocument formatynyň (ODF) 1.4 wersiýasyny goldaýar.
Office 2024-üň iki wersiýasy elýeterli: $149,99 baha bilen Home 2024 (Word, Excel, PowerPoint we OneNote bilen), şeýle-de $249,99 baha bilen Home & Business (Outlook we täjirçilik ulanylyşy üçin hukuklar bilen).


19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....