Türkmenistanda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasyny açmak meselesi maslahatlaşylýar

  • 04.10.2024 22:34
  • 10k+

ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Bu ýokary okuw mekdepleri - Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty.
Degişli resminamalara 2-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde Kent döwlet uniwersitetiniň rektory Tod Dýakon bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Taraplar möhüm meseleleriň hatarynda Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagyny, türkmen wekiliýetiniň öňünden taýýarlan ýol kartasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu başlangyja degişli hemme ugurlaryň üstünde taraplar şu saparyň dowamynyň çäklerinde jikme-jik işlemegi maksat edindiler.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......