Baş keşpde Nikolas Keýj bilen nuar Möý adam hakynda serial surata düşürilip başlandy

  • 04.10.2024 22:05
  • 4.3k+

Amazon studiýasynyň Nuar Möý adam hakynda serialyny surata düşürmek işleri başlandy. Serial “Nuar” adyny aldy we Prime Video hyzmatynda çykar diýip, “PlayGround” habar berýär.

Serialyň wakasy 1930-njy ýyllarda Nýu-Ýorkda ýaýbaňlanýar. Onda şäherde ýeke-täk supergahryman bolup galan we geçmişinden kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan garry we şowsuz şahsy detektiw barada gürrüň berilýär. 
Ilkinji bölümleriň režissýory hökmünde Garri Bredbir çykyş edýär. Serialda Nikolas Keýj, Brendan Glison, Lamorn Morris we beýlekiler surata düşdi. Serialyň çykjak senesi häzirlikçe belli däl.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......