X9.1 derejeli güýçli Gün partlamasy bolup geçdi

  • 04.10.2024 16:14
  • 13k+

3-nji oktýabrda Günde 2017-nji ýyldan bäri iň güýçli partlama bolup geçdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi.

Partlama Aşgabat wagty bilen 17:00-da Gün diskiniň merkezi böleginde hasaba alyndy. Oňa X9.1 derejesi berildi we bu ony soňky ýedi ýylda şeýle uly hadysalaryň birine öwürdi. Soňky gezek şeýle ululykdaky (X9.3) partlama 2017-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda hasaba alyndy.
Alymlar hadysanyň güýjüne garamazdan, Gün plazmasynyň Ýere tarap göwrümli zyňyndylarynyň ýokdugyny bellediler.
Hünärmenler 2-nji oktýabrda bolup geçen partlamanyň Günüň bu böleginde plazma ätiýaçlyklaryny “boşadandygyny” we “täze partlama üçin kosmosa zyňar ýaly zat ýokdugyny” çaklaýarlar. Eger olaryň çaklamasy nädogry bolsa, zyňyndy 6-njy oktýabra geçilýän gije Ýere ýetip biler.
Mundan başga-da, barlaghana partlamalaryň umumy täsiriniň dört güne çenli dowam edip bilýän magnit tupanlaryna getirip biljekdigini bellediler.


18.04.2026 23:36
3.1k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...