“Çirkin ses 7-niň” ilkinji görkezilişiniň boljak senesi yglan edildi

  • 04.10.2024 15:52
  • 5.1k+

“Çirkin ses” sleşer-franşizasynyň dowamy çykar: seriýadaky ýedinji film 2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda ekranlara çykar. Bu barada aktrisa Niw Kempbell we režissýor Kewin Uilliamsona salgylanýan Deadline habar berdi.

“Çirkin ses 7” Spyglass Media-nyň we Paramount-yň tagallalary bilen bir wagtda bütin dünýäde çykar. Filme ilkinji dört franşizanyň we “Geçen tomus näme edeniňizi bilýärin” filminiň edebi esasyny ýazan Uilliamson režissýorlyk eder. Şeýle-de bolsa, ýedinji bölümiň edebi esasynyň awtory Gaý Býusik, “Çirkin ses 6-nyň” awtory bolar.
Sýužetiň merkezinde nobatdaky gezek Niw Kempbelliň janlandyrmagynda Sidni Preskot bolar. Asyl trilogiýanyň beýleki aktýorlarynyň: Korteni Koksyň we Patrik Dempsiň hem keşplerine gaýdyp geljekdigi barada gürrüňler bar.
Şeýle-de, taslamanyň üstünde Project X Entertainment-den Jeýms Wanderbilt, Uillýam Şirak we Pol Naýnşteýn, şeýle hem Radio Silence topary bar.
Başda “Çirkin ses 7-niň” režissurasyna Kristofer Lendon jogapkärdi, ýöne Jenna Ortega oňa gatnaşmakdan ýüz öwrenden soň, ol taslamany terk etdi. Ozal bu taslamadan Melissa Barrera boşadylypdy.


şu gün 11:08
781

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....