Dünýäniň iň gowy 50 myhmanhanasynyň reýtingi hödürlendi

  • 07.10.2024 13:13
  • 14k+

Abraýly 50 Best reýtingleriniň awtorlary 2024-nji ýylda dünýäniň iň gowy myhmanhanalarynyň sanawyny düzdüler. Ol William Reed kompaniýasy tarapyndan başlanan taslamanyň saýtynda peýda boldy.

Şeýlelikde, žurnalistlerden, otelýerlerden we syýahatçylyk pudagynda hünärmenlerden ybarat bolan 600 sany hünärmen iň rahat myhmanhanalary saýladylar. Olar ses berişligiň netijesini Londondaky dabarada yglan etdiler.
Reýtingiň lideri Tailanddaky Capella Bangkok myhmanhanasy boldy. Ol 2023-nji ýylyň sanawyndaky 11-nji orundan 10 setir ýokary galdy. Myhmanhanada bäş restoran, şol sanda şef-aşpez Mauro Kolagrekonyň bir Mişlen ýyldyzly restorany, şeýle-de derýa kenarynda hususy basseýnleri bolan 7 willa bar.
Ikinji orny 2023-nji ýylda iň gowy myhmanhana bolan Italiýanyň Komo kölünde ýerleşýän Passalacqua eýeledi. Üçünji orunda Rosewood Hong Kong ýerleşdi.
Ilkinji bäşligi Parižiň Cheval Blanc we Gonkongyň The Upper House myhmanhanalary jemledi. Şeýle-de, ilkinji onlukda Raffles Singapore, Aman Tokyo, Maldiwlerdäki Soneva Fushi, Dubaýdaky Atlantis The Royal we Indoneziýanyň Sumba adasyndaky Nihi Sumba bar.
Umuman, reýtinge Beýik Britaniýa, Tailand, Meksika, Braziliýa, Awstraliýa, Günorta Amerika, Marokko, Ispaniýa, ABŞ, Şri-Lanka, Hindistan, Oman we Fiji ýaly ýurtlaryň myhmanhanalary girdi.
50 best guramasy myhmanhanalaryň reýtingini eýýäm ikinji gezek neşir edýär. Şeýle-de, ol aşpezlik dünýäsinde 2002-nji ýyldan bäri “Dünýäniň iň gowy 50 restoranyny” we 2009-njy ýyldan bäri “Dünýäniň iň gowy 50 baryny” hödürleýär.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......