Toyota Lexus we Hilux ulaglarynda täze hereketlendirijisini synag edýär: 2,0 l göwrüm 600 at güýjüni berýär

  • 03.10.2024 13:40
  • 10k+

Toyota dürli modellere niýetlenip döredilen benzin turbo hereketlendirijileriniň täze neslini synagdan geçirip başlady. Hereketlendirijileriň esasy aýratynlygy bary-ýogy 2,0 litr göwrüm bilen ýokary kuwwatynyň bolmagydyr.

Synag birnäçe awtoulagda geçirilýär diýip, IXBT habar berýär.
Birinji synag ulagy - Hilux pikapy. Bu awtoulaga oturdylan hereketlendiriji 6 tizlikli mehaniki geçiriş bilen birleşdirilip, 300 at güýjüni öndürýär we minutda 6200 aýlaw (gyzyl zolak) edýär.
Synagdan geçýän ikinji awtoulag - 400 at güýji bolan hereketlendirijili we 8 tizlikli awtomat transmissiýasy bolan Lexus IS. Bu hereketlendiriji minutda 7100 aýlawa çenli ýetýär.
Hereketlendirijiniň iň güýçli warianty Lexus RC-de gurnaldy. Ol 600 at güýjüni öndürýär we mehaniki geçirişe birleşdirilýär. Güýçlendirilen 2,0 litrlik hereketlendirijiniň bu görnüşi sport awtoulaglaryna niýetlenendir.
Häzirlikçe täze hereketlendirijileri köpçülikleýin çykarmak barada gürrüň ýok, ýöne synaglar dowam edýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......