Hytaý Aý missiýasy üçin niýetlenen ilkinji skafandryny hödürledi

  • 03.10.2024 13:10
  • 2.4k+

Hytaýyň dolandyrylýan uçuşlar agentligi (CMSA) Aýa gonmak üçin ilkinji skafandryny hödürledi.

Iki astronawt skafandryň mümkinçiliklerini görkezdi. Ol temperaturanyň üýtgemeginden we Aý tozanyndan goraýan materiallardan ýasalypdyr.
Skafandryň şlemi şugla garşy örtükli panoramaly wizor we fokus aralygy dürli kameralar bilen enjamlaşdyrylandyr. Döşünde köp funksiýaly dolandyryş paneli bar.
Geýimiň dizaýny adaty hytaý harby enjamlarynyň stiline esaslanýar we gyzyl zolaklary bar.
Skafandryň gurluşy pes grawitasiýa şertlerinde işlemäge uýgunlaşdyrylan bolup, ekipaža rahat hereket etmäge mümkinçilik berýär.
Iki taýkonawt (kosmonawt) bilen Aýa ilkinji missiýany 2030-njy ýyla çenli ugratmak meýilleşdirilýär. Olar hemranyň üstünde alty sagat töweregi bolarlar. Ondan öň Hytaý barlag merkeziniň gurluşygyna taýýarlyk görmek üçin, 2026-njy we 2028-nji ýyllarda Aýyň Günorta polýusyna robotlaşdyrylan missiýalary ibermegi meýilleşdirýär.


şu gün 10:51
398

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.6k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:08
4.5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....