Täze Zelandiýada 6500 adam haka tansyny köpçülikleýin ýerine ýetirmekde rekord goýdy

  • 03.10.2024 13:03
  • 11k+

Täze Zelandiýanyň iň iri şäheri bolan Oklenddäki Eden Park stadionynda hakanyň iň uly köpçülikleýin çykyşy boýunça dünýä rekordy goýuldy. Bu barada The Guardian neşiri habar berdi.

29-njy sentýabrda bu çärä 6500 töweregi adam gatnaşyp, 2014-nji ýylda Fransiýada goýlan öňki rekorddan (4028 adam) geçdi. Bu çäre “rekordy öýe gaýtaryp getireliň” şygary astynda geçirildi.
Haka - täze zelandiýaly maorileriň däp bolan harby tansy, ol başda garşydaşlary gorkuzmak we söweşden öň ruhlandyrmak üçin söweş çagyryşy hökmünde ulanylypdyr, häzirki wagtda bolsa medeni barabarlygyň we jebisligiň beýany hasaplanýar. Aýaklaryňy sazlaşykly tapyrdatmak, bökmek, ýumruklaryň bilen urmak, gygyrmak, ýüz-gözüňi oýnatmak - bu hakä häsiýetli hereketler we sesler Täze Zelandiýanyň medeniýetine çuňňur ornaşypdyr we ýerli regbi toparlary tarapyndan oýundan öň däp hökmünde ulanylýar.
Gatnaşyjylar Ginnesiň rekordlar kitabynyň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin hakanyň iň meşhur görnüşi bolan Ka Mate tansyny yzly-yzyna dört gezek ýerine ýetirdiler.
Rekord goýýan tansa Täze Zelandiýanyň teleýaýlymynyň alyp baryjysy Konan O'Braýen, režissýor Taýka Waýtiti we öňki boksçy Dewid Tua ýaly meşhur adamlar gatnaşdy. Rekordlar kitabynyň emin agzasy Braýan Sobel bu ýazgynyň goýlandygyny tassyklady, ýöne gatnaşyjylaryň jemi sany entek takyklanmady.


08.06.2026 18:02
4.8k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.6k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......