Waşingtonda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

  • 03.10.2024 10:35
  • 2.6k+

30-njy sentýabrda Waşington şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen duşuşyklaryň birinde akademiki baha beriş we uniwersitet akkreditasiýasy üçin çarçuwany döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Amerikan tarapyna Günorta we Merkezi Aziýa gatnaşyklary býurosynyň metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýa müdirliginiň direktorynyň orunbasary Temmi Palçikow wekilçilik etdi. Duşuşyga Bilim we medeni meseleler boýunça býurosynyň we ABŞ-nyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdy.
Ara alyp maslahatlaşmalar akademiki görkezijilere baha bermegiň usulyýetine we Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan halkara akkreditasiýa strategiýasyna gönükdirildi. Şeýle hem bilim edaralarynyň dolandyryjylary we mugallymlary üçin okuw sapaklaryny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, wekiliýet Bilim synag gullugynyň (ETS) hökümet we daşary gatnaşyklar bölüminiň müdiri hanym Şennon Litton bilen duşuşdy. Duşuşyk Waşington şäherinde ETS-niň edara binasynda geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar synag ülňüleri we sertifikatlaşdyryş, hususan-da TOEFL, GRE we Praxis ýaly standartlaşdyrylan synaglar ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanda kepillendirilen synag merkezlerini döretmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti AC Languages mekdebiniň ýolbaşçysy, Baş direktor Anheles Çawes we mekdebiň ýerine ýetiriji direktory doktor Elias Alonzo bilen duşuşdy. Duşuşyk «Türkmenistan – ABŞ» Işewürlik geňeşiniň edarasynda geçirildi. Duşuşykda hyzmatdaşlygy ösdürmek we dil öwreniş maksatnamalaryny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen duşuşyklar dostlukly häsiýetde geçirildi.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......