Günde güýçli partlama boldy. Ol ýakyn günlerde magnit hadysasynyň täsirini güýçlendirip biler

  • 02.10.2024 18:07
  • 14k+

2-nji oktýabra geçilen gije Günde güýçli X7.1 partlamasy bolup geçdi. Onuň dowamlylygy 31 minuda ýetdi diýip, Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Hadysa 3842 (S16E16) Gün tegmiliniň töwereginde, rentgen diapazonynda Aşgabat wagty bilen 03:20-de hasaba alyndy.
Bu 2019-njy ýylyň dekabr aýynda başlan häzirki Gün döwründe ikinji güýçli partlamadyr. Birinjisi, has kuwwatly partlama X8.7 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda bolup geçdi.
RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, partlama Ýere täsiri ýokary bolan zolakda ýüze çykdy. Şol sebäpli Gün plazmasynyň zyňyndylarynyň anna gününden şenbe gününe geçilýän gije Ýere ýetmegi mümkin, ýöne takyk çaklamalar heniz ýok.
Gün partlamalary rentgen şöhlelenmesiniň kuwwaty boýunça bäş synpa bölünýär: A, B, C, M we X, bu ýerde X has güýçlüsidir. Şeýle hadysalarda Gün plazmalarynyň bulutlary Ýere ýetip, magnit hadysasyny döredip bilýär.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...