Ford “içgysgynç” Focus öndürmegi bes eder we maržinal modellere ünsi jemlär

  • 02.10.2024 14:57
  • 5.7k+

Ford Motor kompaniýasy 2025-nji ýylda Focus modeliniň önümçiliginiň tamamlanýandygyny resmi taýdan yglan etdi diýip, tarantas.news ýazýar.

Kompaniýanyň başlygy Jim Farli CAR žurnalyna beren interwýusynda maržinal we imij modellerine ünsi jemläp, “içgysgynç awtoulaglardan” dynmak isleýändigini belledi.
Ýewropada Ford müşderilere krossowerleri we Mustanglary hödürlemegi meýilleşdirýär. Esasy ugurlaryň arasynda Ford Explorer-iň täze nesillerini we Focus-yň mirasdüşeri boljak Ford Capri elektrik krossowerini öz içine alýan Volkswagen platformasyndaky elektrik ulaglaryny ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Elektrik ulaglaryna bolan islegiň azalýandygyna garamazdan, Ford içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglaryndan daşlaşmagy maksat edinýär we Focus-yň ömrüni 2025-nji ýyldan soň uzaltmak meýilnamasy ýok.


düýn 17:27
1.5k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....

24.04.2026 18:17
2.5k+

Ford-yň syrly Mustang modeli Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy

Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....