Erling Holand dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy

  • 02.10.2024 13:54
  • 9.7k+

Angliýanyň “Mançester Siti” klubunyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holandyň transfer bahasy 180 mln ýewrodan 200 mln ýewro çenli ýokarlandy. Bu barada Transfermarkt portaly habar berýär.

Öň, 24 ýaşly Holand baha boýunça birinji orny “Realyň” üç futbolçysy – angliýaly Jud Bellingem, braziliýaly Winisius Žunior we fransiýaly Kilian Mbappe bilen paýlaşýardy. Ýöne reýtingiň täzelenen görnüşinde norwegiýaly oýunçynyň transfer bahasy ony dünýäniň iň gymmat futbolçysyna öwürdi.
Holandyň “Mançester Siti” bilen häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli hereket edýär. Ol topar üçin 2022-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edýär. Oýunçy “Siti” üçin ilkinji möwsüminde Angliýanyň premýer-ligasynyň netijelilik rekordyny täzeledi we topar bilen Çempionlar ligasyny, Angliýanyň çempionatyny we Kubogyny utdy.
Ol möwsümiň jemi boýunça Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) tarapyndan iň gowy oýunçy we Angliýanyň premýer-ligasynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Häzirki möwsümde Holand “Mançester Siti” üçin sekiz oýna gatnaşyp, 10 gol geçirdi. Onuň hasabynda jemi topar üçin 106 oýunda 100 gol we 14 assist bar.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......