“Tapmaça 2” 30 mln tomaşa bilen Disney+ onlaýn kinoteatrynda rekord goýdy

  • 02.10.2024 13:49
  • 1.5k+

Disney kompaniýasy Disney+ akym hyzmatynda “Tapmaça 2”multfilminiň rekord goýandygyny habar berdi. Ol 25-nji sentýabrda onlaýn kinoteatrda çykandan soň bäş günüň içinde 30 mln tomaşa ýygnady.

Bu 2021-nji ýylda “Enkantonyň” premýerasyndan bäri hyzmatyň iň gowy netijesidir.
“Tapmaça 2” diňe bir ABŞ-da däl, eýsem halkara bazarlarynda-da ýokary netijeleri görkezdi. Ýewropada, Latyn Amerikasynda, Ýakyn Gündogarda we Afrikada hem multfilm öz bäsdeşinden öňe geçdi.
Multfilmiň global premýerasy 2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda boldy. Prokatyň üç aýynda “Tapmaça 2” 1,69 mlrd dollardan gowrak girdeji gazanyp, kino taryhynda iň girdejili animasion film boldy.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......