Kaliforniýada bir mekdebiň ýerastyndan 9 million ýyl ozal ýaşap geçen haýwanlaryň galyndylary tapyldy

  • 02.10.2024 13:10
  • 13k+

Kaliforniýadaky bir mekdep has irki döwre degişli haýwanlaryň galyndylarynyň ýatan ýeri bolup çykdy. Okuw jaýynyň ýerastynda geçirilen gurluşyk işlerinde daşa öwrülen ýüzlerçe galyndylar tapyldy. Olaryň käbiriniň 9 million ýyl ýaşy bar.

Envicom kompaniýasynyň medeni meseleler boýunça müdiri Ueýn Bişoffyň aýtmagyna görä: “Bu geçmişiň tutuş ekosistemasydyr. Bu açyş netijesinde, barlagçylar ekologiýanyň 9 million ýyl ozal nähili bolandygyna düşünip bilerler”.
Tapyndylaryň arasynda kitleriň, guşlaryň, gylyç dişli gyzyl balygyň we megalodonyň we beýleki balyklaryň galyndylary bar. Iki ýylyň dowamynda gazuw-agtaryş işleri geçirilip, baý paleontologiki ýygyndy ýüze çykaryldy. Tapyndylaryň iň täsin görnüşi bolsa, Günorta Kaliforniýada ozal tapylmadyk gylyç dişli gyzyl balygyň galyndylarydyr. Bu balyklaryň uzynlygy 2,5 metre we agramy 90-180 kg golaý.
Häzirki zaman ak akulasyndan üç esse uly megalodonyň dişleri aýratyn ünsi özüne çekdi.
Tebigy taryh muzeýiniň ýolbaşçysynyň kömekçisi Ostin Hendi, galyndylaryň ýerleşýän ýerlerine görä 9 million ýyl ozal kenar ýakasynyň nirede bolandygyny kesgitläp boljakdygyny aýtdy. Tapyndylaryň tapylan ýerleriniň günbatarynda ýitip giden adanyň bolan bolmagy ähtimal.


düýn 11:43
3.2k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.2k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:35
4.3k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....