Türkmen okuwçylary Malaýziýada Bütindünýä innowasiýalar bäsleşiginde altyn we kümüş medal aldylar

  • 01.10.2024 14:30
  • 6.1k+

21-25-nji sentýabrda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde 6-njy Bütindünýä innowasiýa babatynda oýlap tapyş taslama bäsleşigi we sergisi  (6th World Invention Competition and Exhibition, WICE) geçirildi. Bäsleşik Indoneziýanyň ýaş alymlar assosiasiýasy we Malaziýanyň MAHSA (Malaysian Allied Health Sciences Academy) uniwersitetiniň bilelikde guramagynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bu halkara taslama bäsleşigine Türkmenistandan 4 okuwçy gatnaşdy. Olar öz taslama işleri bilen internet arkaly hasaba alnyp, bäsleşigiň jemleýji (final) tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu topara mekdep-internatynyň informatika mugallymy Öwezgeldi Janalyýew ýolbaşçylyk etdi.
Bäsleşige Indoneziýa, Meksika, Malaýziýa, Gazagystan, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Günorta Afrika Respublikasy, Günorta Koreýa, Türkiýe, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Belarus, Tailand, Bangladeş, Wýetnam ýaly dünýä ýurtlaryndan 126 sany zehinli okuwçy gatnaşdy.

Bäsleşikde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Myratlyýew Kerimberdi “Novalorep web sahypasy” atly taslama iş bilen ýörite sylaga we altyn medala, 12-nji synp okuwçysy Mergenow Oguzhan “Atmosfera gözegçilikli ammary” atly taslama iş bilen, 11-nji synp okuwçysy Ödemyradow Rahmanberdi “E-ulag web sahypasy”, atly taslama iş bilen,10-njy synp okuwçysy Arslanow Aýhan “E-rent web sahypasy” atly taslama işi bilen kümüş medallara mynasyp bolmagy başardylar.


30.05.2026 17:05
7.4k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.7k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......