«Gitmegimiň sebäbini soramaň»: Gwardiola uly abraý bilen «ManSitini» terk edýär

  • 22.05.2026 20:21
  • 9.3k+

«Mançester Siti» kluby baş tälimçi Hosep Gwardiolanyň şu tomusda topardan gitjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Ispaniýaly hünärmen 2016-njy ýylyň iýul aýyndan bäri kluba ýolbaşçylyk edip, baş tälimçi wezipesinde on ýyl boldy.

Şol bir wagtyň özünde Gwardiola City Football Group holdinginiň düzüminden gitmez. Ol «Mançester Sitidäki» işini tamamlandan soň, bu toparyň global ilçisi wezipesini eýelär. Bu rolda tejribeli hünärmen CFG-niň düzümindäki beýleki klublara tehniki maslahatlary berer, şeýle hem aýratyn taslamalara we hyzmatdaşlyklara gatnaşar.

«Menden gitmegimiň sebäbini soramaň. Sebäp ýok, ýöne men içimden wagtymyň gelendigini duýýaryn. Hiç bir zat ebedi däl, eger şeýle bolan bolsa, men bu ýerde galardym. Ýöne meniň şu «Mançester Sitime» bolan söýgim, duýgular, adamlar we ýatlamalar müdimilik galar» – diýip, Gwardiola belledi.

«Sitide» işlän döwründe Gwardiola klubuň taryhyndaky iň üstünlikli tälimçi boldy. Onuň ýolbaşçylygynda topar 20 sany uly kubogy, şol sanda APL-iň 6 titulyny, Çempionlar ligasyny, 3 gezek Angliýanyň kubogyny, 5 gezek Liganyň kubogyny, Klublaýyn dünýä çempionatyny, UEFA Superkubogyny we 3 sany Angliýanyň Superkubogyny gazandy.

Gwardiolanyň döwründe 2022/23 möwsümi aýratyn orun eýeleýär, şol wagt «Mançester Siti» trebl edip — APL-de, Angliýanyň kubogynda we Çempionlar ligasynda çempion boldy. 2023/24-nji ýylda bolsa topar iňlis futbolynyň taryhynda yzygider dört çempionlyk titulyny gazanmagy başaran ilkinji klub boldy.

Iň soňky möwsüminde Gwardiola «Siti» bilen Angliýanyň Kubogyny hem-de Liganyň kubogyny aldy. Ispaniýaly hünärmeniň toparyň başynda iň soňky duşuşygy «Aston Willa» toparyna garşy bolar. Klubuň bellemegine görä, bu duşuşyk onuň üçin «Mançester Sitiniň» baş tälimçisi hökmünde 593-nji oýun bolar.

Ýeri gelende bellesek, ygtybarly sport insaýderi Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, toparyň indiki baş tälimçisi Enso Mareska bolar.


şu gün 11:10
168

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 23:57
2.3k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
9.7k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......