Sigeru Isiba Ýaponiýanyň täze premýer-ministri saýlandy

  • 01.10.2024 13:18
  • 2.6k+

Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) başlygy Sigeru Isiba parlamentde ýurduň premýer-ministri saýlandy. Deputatlaryň aglaba köplügi oňa ses berdi diýip, TASS habar berýär.

Esasy aşaky palatada geçirilen ses berişligiň jemi boýunça Isiba 465 sesden 291 ses aldy. Konstitusion-demokratik partiýanyň lideri Ýosihiko Noda 100 ses aldy.
Imperator Naruhito Isibany hökümet baştutany wezipesine tassyklandan soň, ol ýurduň taryhynda 102-nji premýer-ministr bolar.
Öň, Isiba LDP başlygy we şonuň netijesinde premýer-ministr wezipesi üçin göreşde dört gezek ýeňildi. 2024-nji ýylda öz dalaşgärligini bäşinji gezek hödürlemek bilen, Isiba munuň iň soňky synanyşygy boljakdygyny aýtdy diýip, The Japan News ýazdy.
Isiba partiýa içindäki saýlawlarda ýeňiş gazanandan soň, onuň premýer-ministr wezipesine bellenilmegi resmi ýagdaýdady, sebäbi Liberal-demokratik partiýa parlamentiň iki palatasyna-da gözegçilik edýär.
67 ýaşly Isiba ozal goranmak ministri we oba hojalyk ministri wezipelerini eýeledi. Ol premýer-ministr wezipesinde awgust aýynda ikinji möhlete dalaş etmejekdigini mälim eden Fumio Kisidanyň ornuny eýelär.


12.06.2026 10:04
6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....