Alymlar Hytaý mumiýasyndan peýnir tapdylar: ol 3600 ýyl ozal gatykdan ýasalypdyr

  • 01.10.2024 12:41
  • 6.3k+

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, takmynan, ýigrimi ýyl ozal Tarim çöketliginde (Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde) tapylan mumiýalary öwrenip, täsin açyş etdiler.

Miladydan öňki 3300-3600-nji ýyllara degişli merhumlaryň jesetlerinde syrly ak madda tapyldy. Birnäçe ýyllap dowam eden derňewlerden soň, alymlar onuň gatyk bakteriýalaryndan öndürilen peýnirdigini kesgitlediler.
Bu barada Cell žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.
Dünýädäki iň gadymy peýniriň sygyr we geçi süýdünden edilendigi bellenip geçilýär. Alymlar hatda gatygyň uýalmagy üçin ulanylýan gönezligiň DNK-syny hem izolirlemegi başardylar.
Bu açyş, gatygy Demirgazyk Kawkaz halklarynyň oýlap tapandygy baradaky däp bolan pikiri şübhe astyna alýar we bürünç eýýamynda gatyk uýatmak medeniýetiniň Sinszýanda  ulanylandygyny we sebitde müňlerçe ýyl bäri saklanyp galandygyny tassyklaýar.
Mundan başga-da, gözlegçiler gatyk bakteriýalarynyň içegelerde immun reaksiýasyny döretmezlik üçin genetiki üýtgeşmeleri başdan geçirip, 3600 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda adam bedenine uýgunlaşandygyny anykladylar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....