Tailand ykdysadyýeti goldamak üçin raýatlara pul paýlaýar

  • 01.10.2024 12:26
  • 9.1k+

Tailandyň häkimiýetleri gowşak ykdysadyýeti goldamak üçin 45 mln raýata töleg tölemäge başlady. Bu maksatnamanyň çäklerinde 14 mlrd dollary nagt bermek meýilleşdirilýär diýip, Financial Times ýazýar.

Her raýat bir gezekde 10 müň bat (takmynan, 300 dollar) almaly. Ilkibaşda puly 14,5 mln adamyň, ýagny ilatyň has gowşak gatlagynyň arasynda paýlamak meýilleşdirilýär. Töleg almak üçin eýýäm 36 mln töweregi raýat hasaba alyndy.
Gazetiň belleýşi ýaly, Tailandyň ykdysadyýeti öý hojalyklarynyň ýokary bergi derejesi, gowşak eksport we syýahatçylykdan gelýän girdejiniň azalmagy sebäpli pese gaçyşy başdan geçirýär, ýöne puluň paýlanmagy Günorta-Gündogar Aziýanyň ikinji uly ykdysadyýetiniň “gowşak ösüşini üýtgetmek” üçin ýeterlik bolman biler. Ykdysatçylaryň pikiriçe, maksatnama “çäkli, bir gezeklik täsiri” ýetirer we şol bir wagtyň özünde gurluş özgertmeleri girizilmese, ykdysadyýetiň dikelmegine pes täsir eder.


düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......