Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň ABŞ resmi sapary başlandy

  • 01.10.2024 12:22
  • 6k+

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna resmi sapary başlandy diýip, Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.

Bellenilişi ýaly, wekiliýetiň düzümine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektorlary, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň wekilleri girýär.
Saparyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Bilim we medeni meseleler boýunça býurosynyň wekilleri, şeýle hem ABŞ-nyň öňdebaryjy bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçiriler.

Saparyň esasy maksady - bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we okuw saparlaryny ösdürmek, şeýle hem 2023-nji ýylda gol çekilen Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek Ähtnamanyň çäginde täze başlangyçlary girizmek boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly meseleleri gözden geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem wekiliýet Türkmenistanda Amerikan uniwersitetleriniň şahamçalaryny döretmek we hünärmenlerini taýýarlamak boýunça geljekki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.
Saparyň esasy duşuşyklaryň biri hem Kent döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçiriler. 1910-njy ýylda esaslandyrylan bu uniwersitet, bilim, işewürlik we tehnologiýa boýunça innowasion maksatnamalary bilen tanalýan ABŞ-nyň iň uly we abraýly döwlet bilim edaralarynyň biridir. Duşuşygyň barşynda Kent uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda özara düşünişmek Ähtnamalaryna gol çekmek meýilleşdirilýär. Bu Ähtnamalar ileri tutulýan ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk üçin hukuk esas bolup, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky bilim gatnaşyklaryny berkitmäge itergi berer.
Mundan başga-da, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Kent uniwersitetiň wekilleriniň, türkmen talyplarynyň we türkmen diasporasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......