Sky kompaniýasy Warner Bros.-y Harri Potter hakyndaky serial sebäpli kazyýete berdi

  • 30.09.2024 14:09
  • 4.8k+

Sky Group iňlis metbugat-konglomeraty Warner Bros. film kompaniýasyny Harri Potter serialyny bilelikde öndürmek baradaky şertnamasyny bozmakda aýyplap, kazyýete berdi. Bu barada Financial Times we Variety habar berdi.

Nýu-Ýorkuň kazyýetine berlen talap arzasyna görä, Warner Bros. Sky bilen bilelikde ýylda dört serialy maliýeleşdirmegi we öndürmegi teklip etmäge borçlanypdyr, olary Sky eksklýuziw ýagdaýda Beýik Britaniýada we Ýewropada ýaýlyma berip biljek eken. Şeýle-de bolsa, Warner Bros. şertleri ýerine ýetirmän, Harri Potter hakyndaky serialy özüne galdyrmagy ýüregine düwüpdir we ony özüniň Max onlaýn-kinoteatrynyň Ýewropada giňelmeginiň esasy agramly daşy edip goýupdyr.
Talap arzasynda: "Harri Potter hakyndaky düýbünden üýtgeşik we deňsiz-taýsyz serialy maliýeleşdirmekde we öndürmekde hyzmatdaş bolmak mümkinçiliginiň ýitirilmegine biperwaý garap bolmaz" diýilýär.
Kompaniýalaryň arasyndaky şertnamanyň 2025-nji ýylyň ahyrynda tamamlanjakdygy we serialyň bolsa 2026-njy ýylda çykaryljakdygy, takmynan şol wagtlar hem Max-yň Beýik Britaniýada peýda boljakdygy bellenilýär.
Sky “Harri Potter” brendiniň azyndan 25 milliard dollar bahasynyň bardygyny aýdyp, zyýanyň “azyndan” ýüzlerçe million dollar boljakdygyny çaklaýar.
Warner Bros.-da talap arzasyny esassyz diýip atlandyrdylar we Sky-yň talaplaryna berk garşy durjakdyklaryna söz berdiler.
Harri Potter hakyndaky serialy on ýylyň dowamynda goýbermek meýilleşdirilýär, her möwsüm Joan Roulingiň ýedi kitabyndan birini ekranlaşdyrarlar. Rouling taslamada ýerine ýetiriji prodýusser bolup çykyş eder.


düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......