Amerikaly weteranyň agtygy 79 ýyldan soň ýapon esgeriniň ogluna “şowlulyk baýdagyny” gaýtaryp berdi

  • 30.09.2024 12:08
  • 8.1k+

Nýu-Ýorkly Skott Staýn atasynyň Ikinji jahan urşundan ýany bilen getiren ýapon baýdagyny miras aldy. Ol Skottuň öýünde uzak wagtlap asylgy durdy we bir gezek ony gözden geçirýärkä, ýapon dilindäki ýazgylary tapdy diýip, “Wokrug Sweta” neşiri ýazýar.

“Bu baýdagy her gezek atamyň öýüne girenimde görýärdim. Uruş hakda hiç zat aýtmasa-da, baýdagyň onuň üçin gaty ähmiýetlidigini bilýärdim – diýip, häzir 55 ýaşly Skott gürrüň berdi. - Baýdagy nireden we nähili ýagdaýda alandygyny biz asla bilibilmän galdyk, ýöne agyr söweşleriň içinden geçendiginden habarlydyk".

Görlüp oturylsa, bu ýöne bir baýdak bolman, “şowlulygyň baýdagy” diýlip atlandyrylýan, ýapon esgerleriniň şahsy tumary bolup, garyndaşlary fronta ugramazyndan öň oňa isleglerini ýazýar ekenler. Esgerler ony eşikleriniň astynda, ýörite haltajykda göteripdirler, hiç haçan ýanyndan aýyrmandyrlar. Ýapon dilinde şeýle baýdaklara "gyzyl günüň aşagyndaky ýazgylar ýygyndysy" diýlip terjime edilýän "ýosegaki hinomaru" diýilýän eken. Baýdakdan Skott onuň eýesiniň - Ýukikazu Hiýamanyň adyny tapdy.
Skott Ikinji jahan urşunda wepat bolan ýapon esgerleriniň nesillerini gözleýän OBON Society bilen habarlaşdy. Bir wagtlar Ýukikazuwyň baýdagyna gol çeken 50 adamyň garyndaşlaryny gözlemek ýedi ýyl dowam etdi. Ahyrsoňy, 2024-nji ýylyň awgust aýynda Honsýu adasyndaky uzak obada şol esgeriň ýekeje ogly, 81 ýaşyndaky Sukasu Hiýamany tapmagy başardylar.
Sukasa kakasyny hiç haçan görmändir, ol ilkinji çagasynyň dünýä inen güni imperatoryň goşunyna gulluk etmäge gidipdir we 1945-nji ýylda söweşde wepat bolupdyr. Sukasa baýdagyň yzyna gaýtarylyp berilmegini ejesiniň arzuwynyň hasyl bolmagy diýip atlandyrýar, sebäbi Ýukikazuwyň söweşde wepat bolandygy  baradaky habardan başga,  maşgala onuň ne jesedini alypdyr, ne-de bir goş-golamyny.
Baýdagyň yzyna gaýtarylyş dabarasynda Sukasa: "Baýdagy elimde alamda, ilkinji gezek kakamyň ýylylygyny duýup bildim. Ejem ikimiz ol hakda känbir  gürleşip ýöremzokdyk, ýöne çagalygymdan bäri onuň nähili bolandygyny, nähili adamdygyny, ysynyň nähilidigini duýmaga, göz öňüne getirmäge synanyşýardym” – diýdi.


düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......