Ýewropa kosmos agentligi emeli hemrany howpsuz ýok etmek üçin ony orbita iberer

  • 30.09.2024 11:49
  • 4.9k+

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) 2027-nji ýylda Ýeriň atmosferasynda ýakmak üçin DRACO (Destructive Reentry Assessment Container Object) hemrasyny goýbermegi meýilleşdirýär. Kosmosa uçurylýandygyna garaamzdan, emeli hemranyň ýok edilişi gözegçilik astynda saklanar diýip, “Wokrug sweta” neşiri ýazýar.

Kosmos gämileriniň ýok edilişi we onuň daşky gurşawa täsiri barada maglumatlary ýygnamak üçin synag missiýalary zerurdyr. DRACO-nyň dört kamerasy we ýüzlerçe datçik (kir ýuwýan maşynyň ululygy we agramy 200 kg) tarapyndan toplanan maglumatlar hemra hatardan çykarylanda kosmos galyndylarynyň döremegini azaldýan tehnologiýalary ösdürmäge kömek eder.
Ýörite goragly kapsula iň soňky pursada çenli maglumatlary geçirer, şondan soň paraşýut bilen aşak düşer.
ESA-nyň kosmos howpsuzlygy bölüminiň başlygy Holger Kreg: "DRACO tarapyndan toplanan özboluşly maglumatlar 2030-njy ýyla çenli has netijeli dargaýan hemralary gurmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalary döretmäge ýol açar" -diýdi.
Bu missiýa 2030-njy ýyla çenli kosmosda galyndy galdyrmagy togtatmagy  maksat edinýän Zero Debris charter taslamasynyň bir bölegidir.
Ýeriň töwereginiň orbitasynda kosmos galyndylarynyň toplanmagy ýyl geldikçe çynlakaý meselä öwrülip barýar, sebäbi ulanyşdan galan emeli hemralar we raketa basgançaklary, şeýle hem olaryň galyndylary orbital apparatlara işlemek üçin çynlakaý howp döredýär.


02.06.2026 12:47
5.6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.9k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

31.05.2026 00:31
2.1k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....