Irlandiýaly ýetginjek bir minutda görkezen fokuslarynyň sany boýunça rekord goýdy

  • 30.09.2024 12:22
  • 7.6k+

Irlandiýanyň Mit graflygyndan 15 ýaşly Killian O’Konnor 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda bir minutda ýerine ýetirilen fokuslaryň sany boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ýaş gözbagçy 60 sekuntda 28 fokus görkezdi.

Onuň üstünligi ýetginjegi “hakyky Harri Potter” diýip atlandyran Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Killian tarapyndan görkezilen fokuslaryň arasynda jadyly taýajygyň peýda bolmagy we galamyň ýitmegi, şeýle-de ýüpek lentalaryň reňkleriniň üýtgemegi bar.
Killian gözbagçylyk bilen ýedi ýaşynda, daýysy ilkinji fokusy görkezenden soň meşgullanyp başlady. Ol 2023-nji ýylda Britain’s Got Talent gepleşigine gatnaşyp, 3-nji orny eýeledi.
Ýetginjek jadygöýligiň diňe bir zehinini açmaga däl, eýsem sosial başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşygy ýola goýmaga kömek edendigini belledi.
Ýaş gözbagçy Rekordlar kitabyna girmegi hemişe arzuw edendigini we indi özüni taryhyň bir bölegi duýýandygyny aýtdy.


18.06.2026 22:32
3.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....