"Time Out" dünýäniň iň ajaýyp etraplarynyň sanawyny hödürledi

  • 29.09.2024 19:38
  • 8.1k+

“Time Out” žurnaly 2024-nji ýylda dünýäniň iň ajaýyp etraplarynyň (raýonlarynyň) reýtingini düzdi. Sanawa, hünärmenleriň pikiriçe, özboluşly atmosferany, medeni köpdürlüligi we ýerli aýratynlyklary özünde jemleýän etraplar girdi. Reýting dürli ýurtlardan žurnalistleriň we redaktorlaryň pikirine esaslanýar.

“Time Out” topary iýmit, içgiler, sungat, medeniýet ýaly birnäçe ölçegleri, şeýle-de her sebitiň özboluşly taraplaryny göz öňünde tutdy.

“Bu öz şäherlerinde iň gowy zatlary – olaryň medeniýetini, ruhuny, gijeki durmuşyny, iýmitini we içgilerini görkezýän ýerler. Bularyň ählisi – bir gyzgalaňly etrapda” – diýip, reýtingiň awtorlary belleýär.

Şeýlelikde, birinji orny Fransiýanyň Marsel şäherindäki Notr-Dam-dýu-Mon etraby eýeledi. Bu ýer özüniň köçe sungaty bilen belli bolup, ýiti graffitileri, häzirki zaman suratkeşleriniň eserlerini, galereýalary we özboluşly restoranlary görmek bolýar.


Ikinji orunda Marokkonyň Kasablanka şäherindäki Al-Fida-Mers-sultan etraby ýerleşdi. Redaktorlar onuň hakykylygyna, moda desgalarynyň ýoklugyna we bu ýeriň gadymy ruhuny saklamaga kömek eden üýtgeşik arhitektura üns berdiler. Al-Fida-Mers-Sultan özüniň ýönekeýligi we özboluşlylygy bilen gymmatlydyr.


Üçünji orun Indoneziýanyň Bali adasyndaky Pererenan etrabyna degişli boldy. Bu ýer el degrilmedik kenarlary, rahat kafeleri we goh-galmagaldan hem hysyrdylardan azat bolan ýakymly atmosferasy bilen syýahatçylary özüne çekýär.
Şeýle-de, dünýäniň iň gowy etraplarynyň ilkinji onlugyna Seuldaky Sonsu-don, Portlendäki Kerns, Bristoldaky Stouks-Kroft we Sent-Pols, Sidneýdäki Çippendeýl, Lissabondaky Prinsipe Real, Rio-de-Žaneýrodaky Gloriýa hem-de Melburndaky Windzor etraplary girdi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......