Aljameýn Sterling dekabrda Mowsar Ýewloýewe garşy söweşer

  • 29.09.2024 19:19
  • 7.3k+

Iň ýeňil agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony Aljameýn Sterling 8-nji dekabrda Las-Wegasda geçiriljek UFC 310 ýaryşynda ýarym ýeňil agramly russiýaly söweşiji Mowsar Ýewloýew bilen duşuşar. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, “Sowetskiý sport” habar berýär.

Ilkibaşda söweş 5-nji oktýabra meýilleşdirilipdi we UFC 307-niň çäklerinde geçmelidi, ýöne amerikaly şikes sebäpli söweşden çekildi.
35 ýaşly Sterling ýeňil diwizion reýtinginde dokuzynjy orunda ýerleşýär. Ol garyşyk başa-baş söweşde (MMA) 28 söweşe gatnaşyp, 24 ýeňiş gazandy. 2024-nji ýylyň 13-nji aprelinde UFC 300 ýaryşynyň çäklerinde çehiýaly Kelwin Ketterden üstün çykdy.
29 ýaşly Ýewloýew ýarym ýeňil agramly söweşijileriň reýtinginde altynjy orny eýeleýär. Ol MMA-da 18 söweşe gatnaşyp, ählisinde ýeňiş gazandy. 2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda UFC 297 ýaryşynda angliýaly Arnold Alleni ýeňdi.


26.06.2026 23:43
9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5.2k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......