Tesla-da we Toyota-da däl: Ýewropada iň köp satylan awtomobil belli boldy

  • 29.09.2024 19:10
  • 9.4k+

JATO Dynamics gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Dacia Sandero 2024-nji ýylyň awgust aýynyň jemi boýunça Ýewropa bazarynda iň meşhur awtomobil boldy.

Awgust aýynda Ýewropada 15 653 awtoulag satyldy, bu bolsa 2023-nji ýylyň awgust aýyndakydan 9% köpdür. Ikinji orny Tesla Model Y eýeledi, onuň satuwy 38% pese gaçyp, 13 410 birlik boldy.
Üçünji orunda 13 201 awtomobil bilen Toyota Yaris Cross ýerleşdi, onuň görkezijisi bir ýyl ozalky bilen deňeşdirilende 24% köpdür. Ilkinji bäşlige, degişlilikde, 12 853 we 12 180 awtoulag bilen Volkswagen T-Roc we Renault Clio hem girdi.
Şeýle-de, ilkinji onlukda Dacia Duster (11 655 birlik, +10%), Peugeot 208 (10 778 birlik, -32%), Volkswagen Polo (10 508 birlik, +26%), Toyota Yaris (10 294 birlik, -7%) we Kia Sportage (10 153 birlik, +11%) bar.


düýn 17:04
2.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
3.7k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......