Meta giňeldilen hakykat äýnegi Orion-yň prototipini hödürledi

  • 28.09.2024 21:52
  • 2.7k+

Meta giňeldilen hakykat äýnegi Orion-yň prototipini görkezdi. Ol beýleki AR gurluşlarynyň köpüsi ýaly uly däl diýip, Engadget ýazýar.

Äýnek golografiki elementleri hakyky dünýä goşmak bilen, “smartfonyň ekran çarçuwasy bilen çäklenmeýän sanly täsirleri” döretmäge mümkinçilik berýär. Hakykat bilen özara baglanyşyk emeli aňyň kömegi bilen üpjün edilýär, bu hem gurluşy hem ýapyk binada, hem köçede ulanmaga mümkinçilik berýär.
Orion kremniý karbidinden bolan linzalarda gologrammalary şöhlelendirýän Micro LED proýektorlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu hem gurluşy ykjam we ýeňil edýär. Görüş meýdany 70 gradus töweregi bolup, görüş giňligini we göz bilen dolandyrmak mümkinçiligini üpjün edýär. Şeýle-de, äýnek bilezigiň kömegi bilen hereket arkaly dolandyrmagy-da goldaýar. 


Esasy funksiýalar wideo jaňlary, Facebook Messenger-de we WhatsApp-de habarlar bilen alyşmagy, şeýle-de Spotify we YouTube ýaly programmalar bilen integrasiýany öz içine alýar. Orion-a, meselem, bar bolan önümleriň esasynda resept hödürleýän emeli aň Meta AI gurnaldy.
Meta häzirlikçe gurluşyň diňe Meta işgärlerinden we synag edijilerden çäkli ulanyjylar toparyna elýeterlidigini aýdýar. Äýnegi köpçülikleýin çykarmak hem meýilleşdirilýär, ýöne takyk çykyş senesi yglan edilmedi. Meta-nyň baş müdiri Mark Sukerberg gurluşyň üstündäki işleri dowam etdirmek bilen, esasy maksatlaryň biriniň uly auditoriýa elýeterli bolmagy üçin onuň bahasyny arzanlatmakdygyny belledi.


23.06.2025 16:12
2k+

Meta we Oakley türgenler üçin akylly äýnek çykardy: terjime we jaň funksiýasy bilen

Meta sport optikasyny öndüriji Oakley bilen hyzmatdaşlykda HSTN akylly äýnegini anons etdi. Öňki Meta Ray-Ban modeli ýaly täze äýnek hem frontal kamera, äýnek çarçuwasyna oturdylan dinamikler we mikrofonlar bilen üpjün edildi...

16.06.2025 17:31
894

Meta kompaniýasy EA maglumat merkezlerini geotermal energiýa bilen üpjün eder

Meta kompaniýasy XGS Energy bilen geotermal tehnologiýalar arkaly öndürilýän uglerod taýdan bitarap 150 megawattlyk elektrik energiýasyny üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu energiýa kompaniýanyň Nýu-Meksiko ştatyndaky (ABŞ) emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary işläp taýýarlaýan maglumat merkezlerinde peýdalanylar...

23.01.2025 20:07
3.9k+

Meta kompaniýasy Oakley nyşanly akylly äýnekleri satuwa çykarar

Meta kompaniýasy dakylýan enjamlar ugruny ösdürmegini dowam edýär. Kompaniýa türgenler üçin niýetlenen “Oakley” nyşanly täze akylly äýneginiň, sagatlaryň, şeýle-de kamera bilen enjamlaşdyrylan nauşnigiň üstünde...

24.04.2024 13:42
9.4k+

Meta emeli aňyň täze neslini hödürledi

Meta Llama 3 ady bilen dil modeliniň täze neslini hödürledi. Kompaniýa ony açyk başlangyç kodly modelleriň arasynda iň gowusy hasaplaýar. Onuň iki wersiýasy bar: 8 mlrd parametrli Llama 3 8B we 70 mlrd parametrli...